Muhammetgeldi Ayazov Er-Riýadda Türkmenistany Expo 2030-a taýýarlamagy maslahatlaşdy

Muhammetgeldi Ayazov
Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Muhammetgeldi Ayazov Er-Riýadda Expo 2030-yň Halkara gatnaşyjylar bölüminiň müdiri Mohammed bin Gharad bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, gepleşiklerde ýurduň Bütindünýä sergisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk we resmi gatnaşmak baradaky ylalaşyga gol çekmek dabarasynyň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Mohammed bin Gharad Türkmenistana sergä gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň öňümizdäki sergä gatnaşmagyna gyzyklanma bildirdi. Expo 2030 Riyadh 2030-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan 2031-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Saud Arabystanynyň paýtagtynda geçiriler. Serginiň şygary «Geljege nazar» diýlip kesgitlenipdir. Çäre ýurtlaryň gazananlaryny, innowasiýalaryny we dürli ugurlardaky çözgütlerini görkezmäge niýetlenen halkara meýdança bolar. Expo 2030 Riyadh-yň resmi saýtyndaky maglumata görä, sergi meýdançasy alty million inedördül metrden gowrak bolar. Oňa 197 ýurduň we halkara guramalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ayazowyň duşuşygy Türkmenistanyň sergä gatnaşmagynyň anyk şertlerini we taýýarlyk işlerini maslahatlaşmaga bagyşlandy.
Sursa ↗